BIZ KIM?

Suwasty-tehniki işler kärhanasy “Gündogar” hojalyk jemgyýeti 1992-nji ýylda döredildi.

Muňa Ýakow Yakowlewiç Ponomarýowyň suwa girmek işi esas bolup durdy.

Suwa girmek işleri Türkmenbaşynyň, Hazaryň, Bekdaşyň, şeýle hem Gazagystanyň Aktau şäheriniň suwlarynda yz galdyrdy.

Indi bolşy ýaly, ähli işlerimiz deňizde adamyň janyny goramak esas bolup durýar.

GOWEŞIKLI IKI ADAM

REPORTAŽ

Gapy güýçli, batly kakyldy. Ukynyň galyndylaryny özünden aýryp, kynlyk bilen, Ýakow stoluň üstündäki çyra elini uzatdy. Jaňly sagadyň dili ýarygijäni görkezýärdi. Gapy ýene kakyldy, ýöne bu gezek ol öňküsi ýaly gaty we howsalaly däldi. “Belki-de, deňiziň bir ýerinde gyssagly bir ýagdaý bolandyr we oglanlar ýene-de elektrik jaňy ýatdan çykaranlar bolmaly” diýen pikir onuň kellesine geldi. Nobatçy gysgaça şeýle diýip habar berdi:
– Alajada “Araks” motor gämisiniň düýbi ýere degipdir. Ekipaža hökman kömek etmeli. Ýene ýarym sagatdan toparymyz heläkçilik zolagyna gidýär. Men häzir Grigoriý Tisikowyň ýanynada baraýyn, soň yzyma gelýärkäm seni alyp geçerin.
Gije sagat iki nol nolda guwwas-reýd gaýygy Ýu.Andruşiniň ýolbaşçylygynda gämi duralgasyndan uzaklaşdy we günorta-günbatar tarapa ugrady. Rubkada tolgunýan sesler eşidildi: öňde duran operasiýanyň meýilnamasy düzülýärdi, käbir detallar anyklanýardy. Alnan radiogrammanyň ujypsyz maglumatlaryndan bolup geçen wakany göz öňüne getirmek mümkindi.
“Araksyň” ekipažy gury ýük gämi duralgasyndan gyssagly ýagdaýda deňziň düýbüni çuňlaşdyryş işlerini geçirip ýördüler. Gäminiň trýumlary toprakdan doly diýen ýalydy, soňra birdenkä bölümleriň biriniň ýapylýan gapysy gopýar. Ýük deňziň düýbüne dökülýär we motor gämisi bolsa onuň edil üstünde “oturyberýär”. “Araksyň” beýleki gämiler üçin gämi duralgasyna barýan geçelgäni böwetläp, port nokadynyň adaty işjeňliginde bökdençligi döretmegi bolsa ýagdaýy has hem kynlaşdyrýardy. Ol ýerde bolsa – Çelekeniň nebit işgärleri, himikleri üçin gyssagly ýükler, taýýar önümler we enjamlar bardy.
– Ýekeje minudy hem boşuna sarp etmez ýaly gel öňünden üpjünçilik serişdelerini taýýarlaly – diýip, Ponomarýow ýoldaşyna tarap öwrüldi – Iş diýseň çynlakaýdy.
Tisikow Ýakowyň elini sessiz gysdy we yrgyldap duran paluba ilki bolup mündi. Olar iki bolup bada-bat goweşikleri, howa eşikleri, her bir ownuk zatlara çenli barladylar.

Güniň dogmagyna entek wagt kändi, ýöne hiç kimiň ýatasy gelenokdy/ ýatmak ýadyna-da düşenokdy. Häzir öňde suwuň aşagyna çümmelidigi hakynda pikirler biygtyýar ýadyňa düşüp durdy. Iki sany bir-birinden aýrylmaz gullukdaş dostlaryň heläkçilik-halas ediş gämi galdyryş suwasty-tehniki işler ekspedisiýa otrýadynyň Krasnowodsk toparynyň guwwaslary bolup işläp başlanlaryna bäş ýyl geçipdi. Olaryň her biri suwuň aşagynda üç müňden köpräk sagady geçiripdiler. Ýöne şonda-da hemişe her bir indiki ýumşuň öňünde tolgunma gurşap alýardy…
Gelmeli ýerine geleninden soňra gaýyk bada-bat Alaja gämi duralgasynda labyryny taşlady, gözleg çyralarynyň ýagtysy deňiz ýüzünde ýalpyldap başlady: halas edijiler şeýle ýagdaýda mümkin boldugyça iň ýokary derejedäki “amatlyklary” döretmäge çalyşýardylar. Ilkinji bolup suwuň aşygyna gitmeli Ýakow Ponomarýowdy. Zeper ýeten gäminiň gabarsynyň hat-da ýüzleý seredeniňde hem öňde ýatan işiň doly güýç-kuwwaty we başarjaňlygy talap edýän köp zähmetli iş boljakdygy görnüp durdy. “Tuneli toprak sorujy nasos bilen ýuwarys”- diýip, Ýakow ýokaryk habar berdi.

-“Soňra ýapylýan gapylary kebşirläris.” Guwwaslar gezekleşip, ýedi sagatlap dyngysyz işlediler. Deňizçiler W. Borisenko we A. Skorobogatow öz ýoldaşlarynyň bökdençsiz işlemeklerini üpjün edip, netijeli iş alyp bardylar. Haçanda “Otboy” buýruk berlende, kapitan buýsançly belläp geçdi:
“Standart wagty ýarym esse diýen ýaly azaltdyňyz. Gaty gowy iş, ýigitler!”
Köp adamlar öz kärlerini diňe bir romantika ýaly görýärler: ýerasty patyşalyk, üýtgeşik şekilli suwotylar, deňziň düýbüniň ekzotiki jandarlary. Elbetde, bu zatlaryň hemmesi dogry, ýöne bu gözellige seredip durasy wagt ýok. Eýýäm seni suwuň ýüzünde ýadadýan agyr enjamlar bilen yzygider birnäçe sagatlap işläp görüň. Üstesine-de kelläňiziň üstünde ýigrimi metr galyň suw gatlagy.

Mundan başga-da guwwas diýeniň hemme zady başarýan adam bolmaly: gyrmagy, kebşirlemegi, partlatmagy, montaž etmegi bilmeli. Ol ýerde, ýagny suwuň düýbünde özüňden başga bil baglaýmaga başga adam ýok. Şonuň üçin hem her bir guwwasyň bäş-alty sany garyşyk hünäri bolýar. Ine, birinji derejeli häzirkizaman guwwasy diýip şuňa aýdylýar…
Olar bolsa, ýadawlyklaryndan ýaňa çalaja yranyp, hat-da üpjünçilik enjamlaryny hem doly aýyryp ýetişmän, öňki gullukdaky köne endikleri boýunça çilim çekmäge oturdylar. Göýä, şol tapdan düşüriji, ysgyndan gaçyryjy sagatlar bolmadyk ýaly, degişmä berip başladylar, dostlukly gülki sesleri ýaňlandy. Täzeden güýjüni jemlemek üçin eýsem guwwasa köp zat gerekmi!
Elbetde, heläkçilik-halas ediş işleri her gün diýen ýaly bolup durmaýar. Ýöne, gündelik görülmän galýanlary hem köp. Eýsem, Türkmenistanyň tutuş Hazar deňiz kenarynda şuňa meňzeş başga topar ýok. Deslapky öňüni alyş barlagy bolmazdan, gämilere ýüzmäge gitmeýär, deňizde burawlama işlerine başlanmaýar. Deňiz söwda portlarynyň, port nokatlarynyň, gämi geçelgeleriniň, “Türkmenbalyksenagaty” önümçilik assosiasiýasynyň we gämi abatlaýyş zawodynyň gidrawliki gurluşlary guwwaslaryň gözegçiliginiň astynda.

Köplenç ýagdaýlarda, balykçylyk kolhozlaryndan hem kömek üçin ýüz tutýarlar. Olara kömegem wagtynda gelýär. Islendik howa şertlerinde, islendik wagtda, Hazar deňziniň guwwaslary deňizde hemişelik gözegçiligi saklaýarlar.
Guwwaslaryň kiçijik topary we reýd gaýygy hemme ýerde bolmagy başarýarlar. Dostlukly ýagdaý, döredijilikli gözleg, dostlukly özara goldaw, islendik pursatda dostuň ýerine durmaga taýýar bolmaklyk olaryň kyn işiniň berk diregi bolup durýar. Olar Ukrainadaky kärdeşleriniň gämileriň düýplerini we kingstonlary balykgulaklardan arassalamklyk üçin netijeli desgalary işläp taýýarlandyklaryny eşidipdiler-kynlyk bilen çyzgylary aldylar. Olar käbir zatlary kämilleşdirdiler, üýtgetdiler. Her bir ownuk bölejigi öz elleri bilen taýýarladylar. Ýöne häzir ozallar birnäçe sagat sarp edilýän işe diňe sanlyja minutlar gidýär.

Bu ýagdaý uly zatlarda-da, kiçilerde-de şeýledir. Suwuň çuňluklarynyň ussatlary özleriniň gaýduwsyz hünärine buýsanýarlar we olar muny başga hiç bir zada hiç haçan çalyşmazlar. Deňiz güýçlileri gowy görýär…

 

N. Suhomozskiý, korr. “Türkmen iskrasy”
Suratda: Ýa. Ponomarýow (çepde) we G. Tisikow
Surat A. Mirmamedowa